20 Fewral 2025 г.
378
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem - de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmaklyk dünýäde ekologik abadançylygy gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr” ady bilen geçiriljek halkara ylmy - amaly maslahaty barada
MAGLUMAT HATY
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde onlaýn görnüşinde geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmaklyk dünýäde ekologik abadançylygy gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Halkara onlaýn ylmy-amaly maslahatyň tematiki ugurlary:
Çykyş etjekler barada maglumaty (çykyş etjegiň ady, familiýasy, atasynyň ady, alymlyk derejesi we ady, çykyşyň temasynyň ady) 2025-nji ýylyň 1-nji martyna çenli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyna (elektron salgysyna himiyainstituty.tm@gmail.com ýa-da himiyainstitut@sanly.tm) ibermegiňizi haýyş edýäris.
Guramaçylyk topary: tel/fax: (+99312) 34-05-08, tel: 34-39-75.