24 Fewral 2026 г.
13
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda 2026 – njy ýylyň 14 – nji maýynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at –myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Himiýa we himiýa tehnologiýalary: ýetilen sepgitler we geljegi nazarlaýan ösüşler” atly utgaşyk görnüşde halkara ylmy–maslahaty barada
MAGLUMAT
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, 2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli utgaşyk görnüşde geçirilýän “Himiýa we himiýa tehnologiýalary: ýetilen sepgitler we geljegi nazarlaýan ösüşler” atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Utgaşyk görnüşde halkara ylmy – maslahatyň tematiki ugurlary:
1) Himiýa we himiýa tehnologiýalar boýunça ýetilen sepgitler;
2) Gidromineral çig mallary toplumlaýyn işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary;
3) Gidrohimiýa we ekologiýa.
Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin maslahata gatnaşmagyň şertlerini we nutuklaryň gysgaça beýanlarynyň we annotasiýalaryň taýýarlanylyşyna bildirilýän talaplary berjaý etmelidirler.
Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2026-njy ýylyň 20-nji aprele çenli kabul edilýär.
Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar we olar çap edilmeýär.
Çykyş etjekler barada maglumaty (çykyş edýäniň ady, familiýasy, atasynyň ady, alymlyk derejesi we ady, çykyşyň temasynyň ady) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyna (electron salgysyna himiyainstituty.tm@gmail.com ýa-da himiyainstitut@sanly.tm ) ibermegiňizi haýyş edýäris.
Guramaçylyk topary: tel/fax: (+99312) 34-05-08, tel: 34-39-75.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň salgysy: Aşgabat şäheri, 2029 (Esgerler) köçesi, jaý 92.