Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli: “Ylmyň himiki tehnologiýalar ugry boýunça ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we gazanylan netijeler” atly ylmy-seminar maslahat

image

12 Sentýabr 2023 г.

1281

12.09.2023

 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň Mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli: “Ylmyň himiki tehnologiýalar ugry boýunça ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we gazanylan netijeler” atly ylmy - seminar maslahat geçirildi.

 

Ylmy-seminar maslahatyna  Himiýa institutynyň alymlary, aspirantlary we dalaşgärleri hem-de ýaş tejribeli hünärmenleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

 

Çykyşlarda Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmekde ýurdumyzyň senagat pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan himiýa  senagatynda soňky ýyllarda ýetilen sepgitler, ýagny, dünýäniň ylymda we tehnologiýada gazananlarynyň ýurdumyzda diwersifikasiýalaşdyrmak bilen täze zawodlaryň gurulmagy, himiýa önümleri bilen içerki islegi kanagatlandyrmak we bu ugurdan eksport mümkinçilikleriň artdyrylmagyny gazanmak boýunça ýetilen sepgitler beýan edildi. Şeýle hem, “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäginde ylmyň himiki tehnologiýalar ugry boýunça ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we olaryň netijeleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda himiýa we nebit-gazhimiýa senagatlarynyň ösüşi we gazanylan üstünlikleri, himiki tehnologiýalar ugrunda ylymda gazanylan netijeleriň önümçilige ornaşdyrylyşy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Himiýa ylmynyň gazananlarynyň önümçilik bilen baglanşygy, nebit-gaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny, ýaşlary ylyma çekmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry, ýerli çig mallaryndan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply himiki önümleriň alnyşy baradaky çykyşlar has täsirli boldy.

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda ylmyň himiki tehnologiýalar ugry boýunça ylmy-barlag işlerindäki gazanylan netijeler baradaky maslahat ýurdumyzyň himiýa senagat pudagyndaky ösüşlerinde himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň ähmiýetiniň has-da ýokarydygyny görkezdi.