Türkmen-hytaý ylmy hyzmatdaşlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi

image

15 Iýul 2026 г.

96

       Ata-Watanymyz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklary dostlugyň, ynamyň we özara düşünişmegiň pugta binýadyna esaslanýar. Iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça üstünlikli we netijeli alnyp barlyp, ählitaraplaýyn ösüşiň täze sepgitlerine ýetýär. Ikitraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň ugrunda tagallalary etýän Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda  hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ähli mümkinçilik döredilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar ähli esasy ugurlary – syýasaty, ykdysadyýeti, söwdany we medeniýeti öz içine alýar, şeýle hem bilim, ylmy-tehniki ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

     Bilelikdäki ylmy-bilim taslamalaryny ilerletmek, okuw enjamlary bilen üpjün etmekde goldaw bermek, ýokary okuw mekdeplerinde degişli hünärmenleri okatmagy gurnamak, seminarlary, okuw maslahatlaryny, ylmy maslahatlaryny, bilelikdäki iş duşuşyklaryny we ş.m. geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin ylmy we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäginde, 2026-nji ýylyň maý aýynyň 17-23 aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory Hallymyrat Ataýew we barlaghana müdiri Jumageldi Hudaýberenow Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldylar.

 

 

 

     

       Iş saparynyň dowamynda olar Týanszin ylmy-tehnologiýa uniwersitetinde guralan özara düşünişmek hakyndaky gepleşiklere we ylmy maslahatlara gatnaşdylar. Bu bolsa türkmen-hytaý ylmy gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we bu ugurdaky bilelikdäki işleriň göwrümini giňeltmäge ýardam edýär. Maslahata Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin Ylmy-tehnologiýa uniwersitetiniň prorektory Zhigang Qu, we şol uniwersitetiniň “Himiýa inženerçiligi we materiallary öwreniş” we “Umman we daşky gurşaw” fakultetleriniň  dekanlary hem-de mugallymlary şeýle hem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory we barlaghana müdiri gatnaşdylar. Maslahatyň umumy mejlisine Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin Ylmy-tehnologiýa uniwersitetiniň prorektory Zhigang Qu  başlyklyk etdi.

       Iş saparynyň ilkinji güninde geçirilen ylmy maslahaty şol uniwersitetiň prorektory Zhigang Qu  giriş sözi bilen başlady. Soňra TYA-nyň Himiýa institutynyň direktory H. Ataýew Himiýa institutynyň esasy wezipeleri we alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada çykyş etdi. Şeýle hem, Týanszin Ylmy-tehnologiýa uniwersitetiniň “Himiýa inženerçiligi we materiallary öwreniş” fakultetiniň dekany professor Yanfei Wang ylmy toparynyň alyp barýan ylmy-barlag işleri barada çykyş etdi.

 

       

      Ähtnamanyň çäginde göz öňünde tutulan ylmy ugurlar boýunça özära pikirler alşyldy hem-de TYA-nyň Himiýa institutynyň direktory Hallymyrat Ataýew we barlaghana müdiri Jumageldi Hudaýberenow ylmy dokladlary bilen çykyş etdiler. Soňra  uniwersitetiň sergi zalyna barylyp, deňiz duz şerebelerinden alnan duzlaryň dürli görnüşleri bilen tanyşdylar. Uniwersitetiň “Umman we daşky gurşaw” fakultetiniň dekany Deng Tianlong we “Himiýa inženerçiligi we materiallary öwreniş” fakultetiniň dekany  professor Yanfei Wang we olaryň toparlarynyň alymlary bilen ylmy maslahat geçirildi we olaryň fakultetleriniň barlaghanalary bilen hem-de olarda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşyldy.

      Ylmy maslahatyň başynda professor Deng Tianlong alyp barýan ylmy-barlag işleri barada çykyş etdi. Soňra TYA-nyň Himiýa institutynyň direktory     H. Ataýew “Türkmenistanyň gidromineral çig mal baýlyklarynyň gorlary” atly tema we barlaghana müdiri J. Hudaýberenow “Türkmenistanyň ýerasty senagat suwlaryndan bory bölüp almagyň fiziki-himiki esaslary” atly tema bilen çykyş etdiler.

 

 

       Iş saparynyň soňky gününde geçirilen jemleýji maslahatyň dowamynda gelejekde bilelikde alnyp baryljak ylmy-barlag işlerini geçirmek boýunça gepleşikler geçirildi. Şeýle hem, bilelikde çapa hödürlenen ylmy makalalar ara alnyp maslahatlaşylyp, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdyşlygy ýola goýmak maksady bilen hünärmenleri taýýarlamak we bilelikde barlaghana ylmy gözleg işlerini geçirmekligiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

     Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin Ylmy-tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda 2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde Himiýa we himiki tehnologiýalar boýunça mümkinçiligi bolan ylmy hyzmatdaşlyklaryň esasy ugurlary saýlanyp alyndy.