Himiýa senagatynyň ylmy mümkinçilikleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Himiýa we himiýa tehn

image

6 Iýul 2026 г.

65

                                                                                                        Himiýa senagatynyň ylmy mümkinçilikleri

    Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Himiýa we himiýa tehnologiýalary: ýetilen sepgitler we geljegi nazarlaýan ösüşler”  atly utgaşyk görnüşli halkara ylmy maslahaty geçirilip, onda himiýa senagatynyň ylmy mümkinçilikleri seljerildi.

    Bu ugurdaky iň soňky ylmyň gazananlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrülen maslahata ýurdumyzyň alymlary, professorlary we mugallymlary bilen bir hatarda, sanly ulgam arkaly Gazagystan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Şweýsariýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Ýaponiýadan hem-de Özbegistan Respublikasyndan hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda himiýa senagatyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna, täze ylmy açyşlara we innowasion usullara seredildi.

    Halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisinde bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga we kuwwatly senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagat kärhanalarynda innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribeleriň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şol bir wagtda senagat pudagynda innowasion gaýtadan işleýän toplumlary döretmek, ýerli çig mallaryň esasynda himiýa senagaty tarapyndan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça möhüm wezipeler elmydama üns merkezinde saklanylýar.

    Biziň ýurdumyz täze kärhanalaryň işini üpjün etmek üçin zerur bolan çig mallaryň dürli görnüşlerine, şeýle hem baý tebigy serişdelere eýedir. Hususan-da, himiýa, nebitgaz, gurluşyk senagatynyň we beýleki pudaklaryň möhüm çig mal binýadyny emele getirýän ägirt uly uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurlara goýlan ägirt uly maýa goýumlarynyň netijesinde iri gaz-himiýa toplumlary döredildi. Öňden hereket edýän kärhanalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyklar amala aşyrylýar.

    Himiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem mineral dökünleriň önümçiligini giňeltmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

    Döwrebap senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan azotly, fosforly we kaliýli dökünleriň önümçiligini ep-esli artdyryp, ýurduň oba hojalyk sektorynyň isleglerini doly kanagatlandyrdy. Dökünleriň şeýle köp mukdarda öndürilmegi, diňe bir oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrman, eýsem olaryň eksportyny hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

    Geçen ýyl Lebap welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabadyň himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürjek toplumyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde bolsa ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürjek toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu bolsa innowasiýalar we strategik meýilnamalaryň netijesinde milli himiýa senagatynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda üstünlikli ösýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini durnukly ykdysady we tehnologiki ösüşiniň esasy hökmünde öňde goýýan himiýa senagatyny ösdürmek boýunça iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlet hökmündäki ornuny yzygiderli berkitmäge öz goşandyny goşýar.

    Bellenilip geçilişi ýaly, himiýa pudagynda ylym, bilim we önümçiligiň özara arabaglanyşygy üpjün edilýär. Şol bir wagtda daşky gurşawy goramak we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak himiýa senagatyndaky ähli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm şertleri bolup durýar. Bu ugurda ylmy maslahatda daşky gurşawa zyýansyz bolan iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini giňeltmek baradaky ylmy garaýyşlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

    Kuwwatly önümçilikleri döretmäge, ýerli çig mallaryň we tebigy serişdeleriň esasynda ýokary hilli önümleriň möçberlerini hem-de görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilen ugurlar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanyny ep-esli artdyrýar. Ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurt kompaniýalarynyň açyk we çalt ösýän türkmen bazarynda işlemekleri üçin amatly şertler döredildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulanýan usullary we tehnologiýalary barada pikir alyşdylar. Himiýa senagatyny ösdürmegiň esasy maksatlary innowasion tehnologiýalary ulanmakdan, önümleriň görnüşlerini giňeltmekden we olaryň halkara bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

    Şu nukdaýnazardan, himiýa senagatynda ylmy barlaglary işjeňleşdirmek we degişli hünärmenleriň özara hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir.

    Halkara ylmy maslahat öz işini «Himiýa we himiýa tehnologiýalar boýunça ýetilen sepgitler», «Gidromineral çig mallary toplumlaýyn işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary», «Gidrohimiýa we ekologiýa» atly bölümçelerde dowam etdirdi. Bu ýerde himiýa senagatynyň dürli ugurlary boýunça ylmy barlaglar barada netijeli pikir alyşmalar boldy.

    Ýurdumyzyň himiýa senagatynda ylmyň gazananlarynyň esasyndaky ýetilen sepgitler milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine, ilatyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamynda döwletimiziň ornunyň berkidilmegine gönükdirilendir. Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn syýasat geljekki ösüşlere badalga bolar.