GARAŞSYZLYK – ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

image

8 Oktýabr 2026 г.

117

        Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar dowletin täze eýýamynyň Galkynyşy dowründe dowlet durmuşynyň ahli ugurlary boýunça ösüşiň taze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly barýar. Hazirki ajayyp döwürde her bir gün halkymyzy buýsandyryp, uly üstünliklere, ajayyp zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ösüşlere ýetirýän uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň pajarlap ösüşini, halkymyzyň abadan we eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen uzakmöhletleýin Döwlet Maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

    Şeýle resminamalaryň biri hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025 –nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” bolup, onda önümçiligiň dürli ugurlary boýunça öňde duran meselelere ylmy taýdan esaslandyrmalary amal etmek meýilleşdirilendir.TYA-nyň Himiýa institutynda hem şol maksatnama laýyklykda köp ugurly ylmy-barlaglar amal edilip, alnan netijeler önümçilikleriň degişli ugurlaryna gönükdirilendir.

              Häzirki wagtda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany  bilen  tassyklanan “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda” bellenen önümçilige degişli ugurlara gönükdirlen ylmy-barlaglar dowam edýär. Gahryman alym Arkadagymyzyň ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan bolmalydygyna aýratyn ähmiýet bermegi, ähli pudaklardaky ösüşlerde ylmyň möhüm orny eýeleýändigini görkezýär.

         Ylym-bilim diňe bir jemgyýetiň ösüşiniň binýady bolman, eýsem, adamyň zähmetkeşliginiň, gözlegleriniň we yzygiderli zähmetiniň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda ylym we bilimdir” diýen ganatlandyryjy sözleri ýurdumyzyň alymlary üçin ýol-ýörelgä öwrüldi.

    Ynha ýaňy ýakynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda uly dabara geçirildi. Bu dabarada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Şeýle hem, alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle sylaga mynasyp bolan alymlaryň biri hem, 40-ýyl bäri ylym ulgamynda zähmet çekip gelýän Türkemnistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallymyrat Ataýewe  Uly ylmy işgär alymlyk attestaty dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

           Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň talaplaryndan ugur alyp, himiýa ylmynyň we himiýa tilsimaty ugrunyň geljekki ugurlaryny, himiýa ylmynyň we himiýa tilsimaty ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän işleri, ýurduň mineral çig mal gorlaryny toplumlaýyn işlemegiň ýokary netijeli tilsimatyny döretmegi, tejribe önümçiligini, ylmy-barlag we tejribe - synag işlerini işläp düzmekligi, täzeligi bolan ylmy-tilsimaty önümleri ýerlemegi gurnaýar. Ýokary derejeli ylmy işgärleriň (ylymlaryň, doktorlaryň we kandidatlaryň) taýýarlanyşyna we olaryň hünär kämilleşdirilişine ýolbaşçylyk edýär. Hallymyrat Ataýew ylym ulgamyndaky ýadawsyz gözlegleriniň himiýa ylmynyň iň bir çylşyrymly we köpdürli ugry bolan fiziki himiýa bilen, şol sanda duzlaryň we duz erginleriniň tebigaty bilen baglydyr. Şeýle hem, ýurdumyzyň gidromineral çig mal çeşmeleri bolan nebit-gaz ýataklarynyň ugurdaş, gatlak suwlarynyň fiziki-himiki düzümleridir häsiýetlerini derňemek  hem-de olardan peýdaly önümleri öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Hallymyrat Ataýew birnäçe ylmy işleriň, şol sanda okuw kitaplaryň, gollanmalaryň awtordaşydyr. Ol, ýurdumyzyň ylym-bilim we himiýa ulgamlarynyň pajarlap ösmegine mynasyp goşandyny goşup gelýär.

Şeýle hem, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda   Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Şa serpaýyna “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen döwlet sylagy bilen  institutyň Alym kätibi Akjagül Saparowa sylaglandy.

 

 

    Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda ylym we bilimdir” diýen ganatlandyryjy sözleri ýurdumyzyň alymlary üçin ýol-ýörelgä öwrüldi. Biz ylmy işgärleri, bildirilýän ynamy ödäp, mundan beýläk hem jan aýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. 

    Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başy aman bolsun. Il-ýurt, bütin adamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.