Türkmen himikleriniň ekologiýa taýdan oňaýly tehnologiýasy

image

6 Mart 2026 г.

43

Sement önümçiligine ekologiýa nukdaý nazardan seredilende onuň düýpli we örän derwaýys meselesidigi bellidir. Bu meselä tebigatyň ýa-da adamzadyň bähbidine gutarnykly çözgüt edilmedik hem bolsa, alymlar köp ýyllaryň dowamynda şeýle önümçiligiň daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsirlerini peseltmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Himiýa institutynyň Senagat himiýasy barlaghanasynda hem hut şu ugurda işler alnyp barylýar. Mineral goşundylar goşulan, ekologiýa taýdan arassa portlandsementi öndürmegiň ýerli innowasion modeliniň awtory we barlaghana müdiri, tehniki ylymlaryň doktory Rejepnur Nurberdiýew bu barada şeýle gürrüň berdi:

Sement öndürmekde sarp edilýän çig mal we ýangyç-energetika serişdeleri, esasan, gymmatly gurluşyk materialyň esasy düzümi bolan klinkeri almak bilen baglydyr. Bu bolsa dörtden üç bölegi hek daşyndan şeýle hem, toýundan, demir magdanyndan, kwars çägesinden  ybarat bolan çig mal garyndysynyň bişirilmegi bilen amala aşyrylýar.

Mineral goşundylary klinkeri gips daşy bilen owradylmagy tapgyrynda goşulýar. Klinkeriň mukdaryny azaltmak we onuň ornuny minerallar bilen çalyşmak arkaly maddy serişdeleriň, çig malyň we energiýanyň sarp edilmegini, şeýle hem sement önümçiliginiň ekologiýa ýetirýän zyýanly täsirini azaltmak bolar. Häzirki wagta Türkmenistanda düzüminde 20 göterim işjeň mineral goşundylary bolan innowasion portlandsementi öndürilýändigini bellemek gerek. Betonyň berkligi sementiň hiline gönümel baglylygy sebäpli, işlenip düzülen tehnologiýa önümiň hilini peseltmezden öndürmeklige gönükdirilendir. Alymlar sement önümçiliginiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ugurdaky barlaglary dowam etdirip, geçirilen barlaglaryň esasynda mineral goşundylary 35 göterime çenli artdyrmagy teklip etdiler. Himik-tehnologlar tarapyndan hödürlenen kämilleşdirilen täze tehnologiýa oňyn netije berdi: beton ähli hil we ölçeg talaplaryna doly laýyk geldi. Bu usul ekologiýa taýdan oňaýlydyr, sebäbi klinkeriň az mukdarda ulanylmagy netijesinde, sementiň her bir tonnasynyň öndürilmeginde parnik gazlarynyň bölünip çykmagyny ep-esli derejede azaldýar. Ylmy iş dispersliligi (has ownuk üwemek) artdyrmak bilen, düzüminde minerallar bolan sementiň häsiýetlerini saklamaga gönükdirilendir. Mysal üçin, iri bölejikleri bolan sement bilen ownuk sementiň berkligi tapawutlanýandyr. Sementiň düzüm bölejigi nano-ölçegine owradylsa, bölejikleriň galtaşýan üstiniň artmagy netijesinde berkligi hasda ýokarlanýar. Netijede, sementiň adgeziýa häsiýeti gowulanýar we ol berk gurluşy bolan betony emele getirýär.

Betony almak prosesinde kalsiý gidroksidiniň emele gelmegi, daşky gurşawdaky  agressiw komponetler bilen işjeň täsirleşýär we önümiň hiline oňaýsyz täsirini ýetirýär. Betonyň düzüminde işjeň mineralyň bolmagy, onuň himiki reaksiýa girmeginiň öňüni alýar we dürli agressiw gurşawlaryň täsirine bolan «duýgurlygyny» peseldip, ony bitaraplaşdyrýar. Şeýlelikde, taýýar önümiň agressiw daşky tebigy ýa-da antropogen gurşawynyň täsirine bolan durnuklylygyň artýandygy anyklanyldy. Dünýäniň klimat şertleriniň nukdaýnazaryndan türkmen sementleriniň ekologiýa taýdan oňaýlylygyny sazlamak  — önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýan esasy görkezijileriň biridir. Semente goşulýan mineral goşundylaryň düzüminde işjeň kremniý oksidi bolan pussolanlardyr. Ol öz gezeginde bazaltlaryň düzüminde bolup, oňaýsyz täsirleri ýüze çykarýan himiki reaksiýalary “bitaraplaşdyryjy” hökmünde çykyş edýär. Pussolanlar Türkmenistanyň çäginde bar bolup, oňa ýerli mineral bolan opoka degişlidir we  ony dürli mukdarda goşup sementiň esasy häsiýetleri öwrenilendir. Hatda  35 göterim mineral komponentler goşulanda-da, alynýan betonyň hili bellenilen talaplara laýyk gelýär. Bu tehnologiýanyň üstünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärler topary işlediler. Täzeligiň awtorlary öz işlerini halkara derejeli neşirde — Russiýa Federasiýasynyň Syktуwkar uniwersitetiniň ylmy habarlarynyň «Tebigy ylymlar we “ýaşyl” tehnologiýalar» tapgyrynda bilelikdäki makala hökmünde çap etdiler.Şeýlelikde, türkmen himiklarynyň hödürleýän tehnologiýasy ylmy taýdan tassyklanyldy. Wajyp gurluşyk garyndysynyň alynmagy uly mukdardaky ýangyjyň sarp edilmegi, ep-esli ýylylyk bölünip çykmagy we gaz-tozan galyndylarynyň çykarylmagy bilen baglydyr. Önümçiligi kämilleşdirmek üçin bişiriji peçleriň ulanylyş we öndürijilik görkezijilerini ýokarlandyrmak teklip edilýär. Netijede, Türkmenistanyň sement zawodlarynda ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň sarp edilşini azaltmaga mümkinçilik döreýär. Bişiriji peçiň ulanylyş häsiýetleriniň kämilleşdirilmegi bilen, alynýan klinkeriň hili hem ýokarlanýar. Şu nukdaýnazardan, sementiň düzüminde klinkeriň mukdarynyň azaldylmagy — energiýa netijeliligine ýetmegiň ýene-de bir ýoludyr. Ortaça hasap bilen bir tonna sementiň ýa-da 950 kg klinkeriň öndürilmegi üçin 96 kub metr «mawy ýangyç» sarp edilýär. Teklip edilýän 35 göterim mineral goşundylaryň goşulmagy bilen, taýýar sementiň bir tonnasynda klinkeri 300 kg-dan gowrak tygşytlap bolýar. Şeýle hem, mawy ýangyjyň tygşytlanmagy hem ep-esli derejededir. Howply birleşmeleriň ulanylmagyny ýa-da emele gelmegini azaldýan önümleri we prosesleri, galyndylary minimallaşdyrmaklyga degişli usullary, adam saglygy we ekologiýa üçin howpsuz tehnologiýalary işläp düzmeklige «ýaşyl» himiýa diýlip atlandyrylýar. Maddalaryň tebigatdaky aýlanyşyny, hapalaýjy maddalaryň ýaýraýşyny we täsirini öwrenýän daşky gurşawyň himiýasyndan tapawutlylykda, «ýaşyl» himiýa esasy önümleriň mukdaryny artdyrmagyň we galyndylar, zyňyndylar hem-de hapa suwlar ýaly goşmaça önümleri minimallaşdyrmagyň howpsuz alternatiw ýollaryny gözleýär. Häzirki wagtda şeýle çemeleşme aerokosmos, awtoulag, elektronika, derman senagaty we oba hojalygy pudaklarynda iş ýüzünde ulanylýar. Hut şu ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzyň sement önümçiliginde degişli ylmy-barlag işleri geçirildi. Geljekde türkmen himikleri semente mineral goşundylary goşmagy has çuňňur öwrenmegi we  alynýan önümiň hilini hemmetaraplaýyn derňemegi göz öňünde tutýarlar.

Häzirki wagtda ýurtda bäş sement zawody işleýär: ikisi Bäherdende, ikisi Köýtendagda we biri Jebeldedir. Olaryň ählisi ilatly nokatlardan, dynç alyş zolaklaryndan we oba hojalyk ýerlerinden daşda ýerleşýär. Bu zawodlarda öndürilýän 500 we 400 markaly hem-de sementiň beýleki görnüşleriniň ýyllyk mukdary 3,5 million tonnadan geçýär. Gymmatly gurluşyk materialyny öndürmek üçin ýurdumyzda zerur bolan çig malyň ätiýaçlyk gorlary ýeterlikdir.

 

Ýelena Dolgowa, “BT” (Bitarap