Barlaghanada tebigy, gidromineral çig mallaryň himiki düzümini we fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmek hem-de kesgitlemek boýunça ylmy-barlag we seljerme işleri alnyp barylýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň himiýa senagatyna degişli bolan gidromineral çig mallaryny peýdalanýan zawodlaryň we kärhanalaryň önümçilik tehnologiýalaryny döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek, bu ugurda täze tehnologiýalary işläp düzmek boýunça işler ýola goýulýar.