Bölüm dünýäniň belli kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, şol enjamlaryň kömegi bilen dürli organiki we organiki däl birleşmeleriň, dökünleriň, dürli ýaglaryň we antifrizleriň, suwuň we topragyň himiki düzümlerini seljermek boýunça netijeli işleri alyp barýar. Şeýle hem bölümde «Türkmenstandartlary» Baş Döwlet gullugy tarapyndan talap edilýän kadalaşdyryjy resminamalary işlenilip düzülýär we olara synlar ýazylýar.