
Üzärlik briketi
Howany tüsse arkaly dezinfeksiýa etmekde üzärlik ösümligini amatly ulanmak üçin ilkinji gezek senagat derejesinde briket ýasamak, termiki taýdan gaýtadan işlenen çig maly basyş astynda basmak tehnologiýasy teklip edilýär. Bu guradylan ösümligiň başlangyç dermanlyk aýratynlyklaryny iň ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär.
Siwuş ýaglaryndan alnan izopropil spirti
Siwuş ýaglaryndan alnan IPS (Izopropil spirti) ýangyç ýagyny barlaghana we önümçilik şertlerinde distilýasiýa etmek arkaly alyndy. Alnan IPS-iň düzümi we gurluşy kesgitlenildi. Antibakterial serişde hökmünde IPS-den “Steriderm” alyndy, bu oňyn netijeleri berdi.
Ýodimal
Oýlap tapyş, saglygy goraýyş edaralarynda ulanylýan antibakterial ýody öz içine alýan dermanlara degişlidir. Ýody gidrolizleýärler, degişli reagentler bilen garylandan soň süzülýär. Alnan suwuklyk zerur göwrüme getirilýär we önüm alynýar.
Önümiň ähli düzüm bölekleri Türkmenistanda öndürilýär.