Üzärlik briketi

Howany tüsse arkaly dezinfeksiýa etmekde üzärlik ösümligini amatly ulanmak üçin ilkinji gezek senagat derejesinde briket ýasamak, termiki taýdan gaýtadan işlenen çig maly basyş astynda basmak tehnologiýasy teklip edilýär. Bu guradylan ösümligiň başlangyç dermanlyk aýratynlyklaryny iň ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär.

Mis sulfaty

Mis sulfaty (fungisid) – ýerli çig maldan alnan. Ýurdumyzda iň ýokary derejeli we birinji derejeli mis, A we B synplary öndürilýär, Şeýle hem mis sulfatyny almak üçin tehnologiki tertip işlenip düzüldi.

Siwuş ýagy

Siwuş ýagy ýurdumyzda şeker we çakyr öndürýän kärhanalaryň galyndylary bolup, olardan dürli erginler çykarylýar we sintez edilýär.

Ýerli çig mallardan alnan zyýansyzlandyryjy serişde

Ýerli çig maldan we senagat galyndylaryndan gaýtadan işlenilip alynýar. Onuň esasy düzüm bölegi siwuş ýagy, mineral kislotalar we karbamid bolup, bakteriýalary öldürmek ukyby gaty ýokary bolup durýar.

Kaustik dolomitden alnan magniý gidroksidi

Dolomiti ýokary temperaturada gyzdyrandan we ýakylandan soň alnan kaustik dolomit, magniý gidroksidi almak üçin mineral kislotalar we aşgarlar bilen bejerildi. Önümiň arassalygy, önümiň öndürijiligi we önümçilik tehnologiýasy ösdürildi.

 

Kaustik dolomitden alnan gips

Kaustik dolomit arassa ýokary hilli gips almak üçin kükürt kislotasy bilen garyldy. Alnan gips sement we gurluşyk materiallaryny öndürmekde ulanmak üçin doly laýykdyr.

Dolomitden alnan magniý gidroksidi

Ýurdumyzyň esasy ýerli çig mallaryndan biri bolan dolomit, Kelete ýatagyndan ezilen magdan görnüşinde mineral kislotalar we aşgarlar bilen gaýtadan işlenildi we ýokary hilli magniý gidroksidi alyndy.

Alkil-dez 1.0%

Siwuş ýagyna esaslanýan täze antibakterial we wirusa garşy himiki maddalar alyndy. Ýurdumyzda bar bolan wiruslaryň ştamlaryny doly öldürýär we ýokary hilli önüm bolup durýar.

Himiki taýdan çökdürilen kalsit

Himiki taýdan çökdürilen hek (kalsit) – karbonat göterýän gaýalar we ýerli çig maldan ýokary temperaturada we birnäçe tehnologiki amallar arkaly alyndy. Önümiň hili TDS-yň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Kaustiki dolomit

Köýtendag hek daşyndan (CaCO3) alyndy. Hek daşy gazylanda, ýapylýan gaýa (galyndylar) magniý karbonatdyr (MgCO3 -magnesit). Temperaturanyň täsirinde magnesit MgO we CO2-e bölünýär. MgO we CaO ammiak selitrasynyň önümçiliginde garyjylyga garşy serişde hökmünde ulanylýar.

Siwuş ýaglaryndan alnan izopropil spirti

Siwuş ýaglaryndan alnan IPS (Izopropil spirti) ýangyç ýagyny barlaghana we önümçilik şertlerinde distilýasiýa etmek arkaly alyndy. Alnan IPS-iň düzümi we gurluşy kesgitlenildi. Antibakterial serişde hökmünde IPS-den “Steriderm” alyndy, bu oňyn netijeleri berdi.

Dolomitden alnan magniý oksidi

Arassa magniý oksidi ezilen dolomitden alyndy. Magniý oksidiniň hil görkezijileri TDS-yň talaplaryna laýyk gelýär. Oda çydamly kerpiçleri öndürmek üçin niýetlenendir.

Ýodimal

Oýlap tapyş, saglygy goraýyş edaralarynda ulanylýan antibakterial ýody öz içine alýan dermanlara degişlidir. Ýody gidrolizleýärler, degişli reagentler bilen garylandan soň süzülýär. Alnan suwuklyk zerur göwrüme getirilýär we önüm alynýar.

Önümiň ähli düzüm bölekleri Türkmenistanda öndürilýär.