previous arrow
next arrow
Slider

Institut hakynda

Himiýa instituty Türkmenistanda himiýa ugrundan ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýeke-täk institutdyr. Institut ýurduň mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn işlemekligiň fiziki-himiki esaslarynyň ylmy hem tehniki meselelerini çözmekligi hem-de ýurduň ylmy-barlag institutlary we ýokary okuw mekdepleri, şeýle-de Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin ýokary derejedäki hühärmenleri (ylymlaryň kandidatlaryny, doktorlaryny) taýýarlamaklygy maksat edinýär.

Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan 1200-den gowrak ylmy makalalar, 17 monografiýa, 25 kitapça çap edildi; 100-den gowrak oýlap tapyjylygyň awtorlyk şahadatnamalary we patentler alyndy. Bu oýlap tapyşlaryň onlarçasy önümçilige ornaşdyryldy we olar häzir uly ykdysady girdeýjileri berýär.

Institutda 140-a golaý ylymlaryň kandidaty, 12 sany ylymlaryň doktory taýýarlandy. Häzirki wagtda institutda ylymlaryň kandidatlarynyň 12-si, doktorlarynyň 4-si işleýär. şol sanda bir akademik we bir habarçy agza işleýär.

Himiýa institutynyň alymlaryň köpüsi özleriniň işläp çykan tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmaga çalyşýarlar. «Garabogazsulfat» ÖB-de ýokary hilli epsomitiň tehnologiýasy ornaşdyryldy. «Guwlyduz» kombinatynda ýodlaşdyrylan nahar duzunyň desgasy döredildi. Birnäçe ýyldan bäri «Hazar» himiýa zawodynda Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan işlenip çykarylan tehnologiýanyň esasynda kalsiý gipohloridiň önümçiligi işleýär. Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda organomineral döküniň önümçiligi ýola goýuldy. «Maryazot» ÖB-de kalsinirlenen sodanyň, koagulýantyň (demir sulfatynyň) önümçiligi işe girizildi.

Himiýa institutynyň oýlap tapyşlarynyň we işläp düzen ylmy işleriniň köpüsi diňe bir himiýa pudagynda ornaşdyrylman eýsem Türkmenistanyň beýleki pudaklarynda, ýagny nebit pudagynda (Türkmenbaşynyň NGI zawodlar toplumy, Seýdiniň NGI zawody), gaz pudagynda (Döwletabat Gaz çykaryş müdürligi, Lebap gaz çykaryş müdürligi, Kükürtli gaz çykaryş edarasy), energetika pudagynda (Türkmenbaşy ÝEM, MARY GESi, Abadan GESi, Seýdi ÝEM), gurluşyk pudagynda (Baharly sement zawodynda, Ruhabadyň turba zawodynda) ornaşdyryldy. Ylmy işleriň we oýlap tapyşlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde uly möçberde ykdysady girdeýjiler alyndy we alynýar.