previous arrow
next arrow
Slider

Himiýa instituty 1957-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde döredildi.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýapylandygy sebäpli Himiýa instituty 1998-nji ýylda Energetika we senagat ministrliginiň garamagyna berildi. Himiýa instituty 1999-njy ýylda «Gün» ylmy-önümçilik birleşigine birikdirilip, şol at bilen 2007-nji ýyla çenli Energetika we senagat ministrliginiň garamagyndaky «Türkmendökünhimiýa» Paýdarlar jemgyýetine degişli edildi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24-ine gol çeken ýörite Karary bilen Institutyň ady we özi gaýtadan dikeldilip, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň düzümine geçirildi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-nji ýylyň Iýun aýynyň 12-e gol çeken ýörite № 10458 belgili karary bilen Himiýa instituty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine geçirildi.

Himiýa instituty Türkmenistanda himiýa ugrundan ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýeke-täk institutdyr. Institut ýurduň mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn işlemekligiň fiziki-himiki esaslarynyň ylmy hem tehniki meselelerini çözmekligi hem-de ýurduň ylmy-barlag institutlary we ýokary okuw mekdepleri, şeýle-de Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin ýokary derejedäki hühärmenleri (ylymlaryň kandidatlaryny, doktorlaryny) taýýarlamaklygy maksat edinýär.

Oýlap tapyşlar

Barlaghanalar