“DAŞKY GURŞAWYŇ HIMIÝASY WE EKOLOGIÝASY” BARLAGHANASY

Barlaghana döwrebap enjamlar bilen, şol sanda “Suw, toprak, howa” göçme barlaghanasy bilen üpjün edildi, şolar esasynda-da ylmy-barlag işleri alnyp barylyp suwuň, howanyň, topragyň düzümlerine kabul edilen halkara standartlara görä ekologiýa taýdan baha berilýär.

“FIZIKI-HIMIKI SELJERME WE GÜWÄNAMA” BÖLÜMI

Bölümde dünýäniň belli kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, şol enjamlaryň kömegi bilen dürli organiki we organiki däl birleşmeleriň, dökünleriň, suwuň we topragyň himiki düzümlerini seljermek boýunça işler alyp barýar. Şeýle hem bölümde «Türkmenstandartlary» Baş Döwlet gullugy tarapyndan talap edilýän kadalaşdyryş resminamalary işlenilip düzülýär we olara synlar ýazylýar.

“TEBIGY, GIDROMINERAL ÇIG MALLARYŇ HIMIÝASY WE
TEHNOLOGIÝASY” BARLAGHANASY

Barlaghanada gidromineral çig mallaryň himiki düzümine we fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmek we kesgitlemek boýunça ylmy-barlag we seljerme işleri hem-de Türkmenistanyň himiýa senagatyna degişli zawodlaryň we kärhanalaryň önümçilik tehnologiýalaryny döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek, täze tehnologiýalary işläp düzmek boýunça işler alnyp barylýar.

“HIMIÝA ÖNÜMÇILIKLERINIŇ TEHNOLOGIÝASY” BARLAGHANASY

Barlaghanada ýerli çig mallary gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, şeýle hem täze tehnologiýalary işläp düzmek boýunça işler alyp barylýar. Ýurdumyzda hereket edýän nebit-gaz we himiýa önümlerini öndürýän kärhanalaryň, dokma senagaty kärhanalarynyň hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň tehnologiki reglamentlerini we kadalaşdyryjy resminamalaryny işläp düzmek boýunça işler alnyp barylýar.

“NEBITIŇ, GAZYŇ HIMIÝASY WE TEHNOLOGIÝASY” BARLAGHANASY

Barlaghanada organiki çig mallaryň: nebitiň we gazyň, şeýle hem olardan alynýan önümleriň düzümini, hilini kesgitlemek, olary gaýtadan işlemekligiň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, nebitden öndürilen önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça we ýurdumyzda ulanylýan we täze açylan nebit-gaz ýataklaryndan çykarylan nebitiň, gazyň we gaz kondensatynyň himiki düzümini anyklamak we fiziki-himiki häsiýetlerini kesgitlemek boýunça ylmy-barlag we seljerme işleri alnyp barylýar.

“SENAGAT HIMIÝASY” BARLAGHANASY

“Senagat himiýasy” barlaghanasy önümçilikdäki iň soňky ylmy ösüşleri durmuşa geçirmek, şeýle hem barlaghana bilen hyzmatdaşlyk edýän pudaklaryň öndürijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen gözleg işlerini alyp barmak bilen meşgullanýar.

Häzirki wagtda Balkan we Lebap welaýatlarynyň sement zawodlary, Bäherden şäherindäki sement zawody bilen işler alnyp barylýar.

“TEHNOLOGIK TASLAMA WE KADALAŞDYRYJY RESMINAMALAR” BÖLÜMI

Bölümde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetiniň buýrmalary esasynda önümçilik tehnologiýa reglamentlerini, eskiz taslamalaryny we ekologiýa pasportlaryny işläp düzmek boýunça şertnamalaýyn işler alnyp barylýar.